- kebeleklemek
- işlik1) Gaýmalamak, pelpellemek, uçganaklamak.∙ Bir gezek, gyşyň aýazly säher çagynda, gar kebelekläp ýagyp durka, men suw getireýin diýip guýa tarap ugradym.∙ Ertir turanymyzda, gar kebelekläp ýagýardy.2) Daşynda aýlanmak, yhlas bilen birine hyzmat etmek, gulluk etmek, pyrlanmak.∙ Şepagat uýasy syrkawyň daşynda kebelekläp ýördi.3) Gözüň oňi uçganaklamak, ümezlemek.∙ Ýerimden turanymda, gözümiň öňi kebelekläp başlady.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.